icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 fewral 2019

764

Aşgabatda GDA YHDG-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) wekilleri − GDA gatnaşyjy döwletleriň YHDG-nyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Elwira Dolýa hem-de şol direksiýanyň geňeşçisi Aleksandr Gonçarow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň wekilleri bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijeliligi barada pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle-de bu guramanyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň işlerine ýurdumyzyň işjeň gatnaşmaklygynyň wajyplylygy hem-de ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Soňra, taraplar ýakynda Türkmenistanyň DIM-de ara alnyp maslahatlaşylan 2019-njy ýylyň maý aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XIV Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyny ýokary derejede geçirmeklik bilen bagly soraglaryň hataryna seredildi. Duşuşygyň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň XIV Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyny geçirmekligiň protokol meselelerine aýratyn hem seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi