icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 fewral 2019

643

Aşgabatda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forumy geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi.

Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle hem ýurdumyzyň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2020-nji ýylda geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzy taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwletimiziň
BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň sport ulgamynda alyp barýan işleri barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisini üstünlikli geçirmegi boýunça tejribesini nygtap, çykyş edenler ýurdumyzyň mundan beýläk hem şular ýaly ýokary derejedäki halkara sport çärelerini geçirmäge taýýardygyny ynamly belläp geçdiler.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi