icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 fewral 2019

915

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetinde çäre geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetinde (DYDU) Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi tarapyndan häzirki zaman tapgyrynda Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň ähmiýetli ugurlary barada okuw sapagy geçirildi. Bu çäre Ilçihananyň gurnamagynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirildi.

Ýokarda agzalan çäräniň işine uniwersitetiň okuw işleri hem-de halkara aragatnaşyklary boýunça prorektorlary M.Bakoýewa we S.Saidkasimowa, professor-mugallymlary, aspirantlary, doktorantlary, talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ilçi çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasaty işiniň ähmiýetli ugurlary hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti  barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň belent münberinde çykyş edip, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we ösüşi ugrundaky başlangyçlary barada doly aýdyp berdi.

Şeýle hem, dünýä jemgyýeti tarapyndan goldanylan Türkmenistanyň erengetika, ulag we suw diplomatiýalarynyň orunlary hem-de netijelilikleri barada jikme-jik düşündirildi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna taýynlyk meselelerine degişli soraglara aýratyn üns çekildi.

Okuw sapagy tamamlanandan soň, gatnaşyjylara Türkmenistanyň ykdysadyýet, senagat, ulag, lukmançylyk, bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda ýeten sepgitlerine bagyşlanyp taýýarlanylan wideo film görkezildi.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, türkmen halysynyň hem-de milli gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy. Serginiň dowamynda okuw jaýynyň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň 3 dildäki nusgalary sowgat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi