icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 fewral 2019

3557

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň raýat awiasiýasynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen özärabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Öz gezeginde, türkmen tarapy döwletiň ulag ulgamyndaky ösüşi we logistika mümkinçilikleri, şeýle hem bu ugurda bilelikde amala aşyryp boljak taslamalar barada belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini belläp, olary geljekde hem giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi