icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 fewral 2019

1114

Aşgabatda ESKATO we BMG-niň ösüş maksatnamasy tarapyndan okuw seminary geçirildi

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda, Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we sosial komissiýasy (ESKATO) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Meýletin milli hasabatyna (MMH) goldaw hökmünde geçirilen «Sistemleýin pikirlenmek we Durnukly ösüş maksatnamasyny (DÖM) milli meýilnamasyna integrasiýasy» atly üç günlük okuw seminary öz işini tamamlady.

Seminaryň işine Türkmenistanda işleýän Halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw seminarynyň işi dört sessiýadan ybarat bolup, onda DÖM-i gazanmak boýunça habarlary analizlemek we işlemek üçin durnukly strategiýalary işjeňleşdirmekde innowasion metodlaryny ulanmak barada tanyşdyryş goldanmalar taýýarlanyldy. Geçirilen seminaryň esasy mowzuklary DÖM-ň tebigaty bilen tanyşmakdan, sistemalaýyn pikirlenmekden, düşünişmekdäki kynçylyklar we özara baglanşykdan, durnukly strategiýalary işjeňleşdirmekde sistemalaýyn pikirlenmäni ullanmakdan, DÖM-i milli syýasatyna integrasiýalaşdyrmak we durmuşa geçirmekden ybarat boldy.

Okuw seminarynyň ýapylyş dabarasynyň dowamynda, çärä gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň netijelerini jemlediler, toparlaýyn işleriň we tejribelik sessiýalaryň netijeliligini bellediler, şeýle hem ESKATO bilen BMG-niň ösüş maksatnamasy tarapyndan üstünlikli tamamlanan bu seminara baha berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi