icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 mart 2019

790

Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Ilçisi işe başlady

2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Benin Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) jenap Issiradju Gomina Ibrahimi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanyň we Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek boýunça ýadawsyz zähmet çekmäge taýýarlygyny mälim etdi.

Duşuşygyň barşynda Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň bellenilmeginiň ýurtlaryň ikisiniň hem özarabähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasy bolup çykyş edýändigi bellenilip geçildi. Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek zerurdyr.

Taraplar şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan işiň ähmiýeti hakynda gürrüň etmek bilen taraplar ykdysady ösüşe, şeýle hem tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen parahatçylyksöýüji başlangyçlaryň we taslamalaryň özara goldanylmagynyň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň işleňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin zerur bolan hukuk binýadynyň döredilmegi boýunça teklipleri beýan etdiler.

Medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde degişli wekiliýetleriň alyşylmagynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda Beniniň Ilçisi türkmen-benin gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen geljekde hem hyzmatdaşlyk etmäge ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi