icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 mart 2019

690

Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana sapary tamamlandy

2019-njy ýylyň 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy.

Özüniň döwlet saparynyň üçünji gününde Belent mertebeli myhman Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldy. Onuň Alyjenaby Patyşa dünýä ýüzünde şöhrat gazanan nepis türkmen halylaryny aýratyn synlap, olaryň dokalyş aýratynlygyna haýran galdy. Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifa Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Soňra belent mertebeli myhman Halkara atçylyk sport toplumyna baryp, ahalteke bedewleriniň saklanmagy, köpeldilmegi hem-de seýislenmegi üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyş boldy. Bu ýerde şonuň ýaly hem Onuň Alyjenaby Patyşa üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.

Döwlet saparynyň maksatnamasynyň ahyrynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň awtoulag kerweni paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugur aldy, şol ýerden belent mertebeli myhman Watanyna ugrady.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi