icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 mart 2019

1505

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary

2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy.

2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde döwletara özaragatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça pikirler alyşyldy. Şeýle hem sport hyzmatdaşlygyny, ulag hem-de oba hojalygy ulgamynda özarahereketleri giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi. Bulardan başga parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Has takygy, taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň duşuşuklarynyň önjeýliligini belläp geçdiler.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti «Miraýkan – geljegiň dünýäsi» muzeýine baryp gördi, bu muzeý Odaýba adasynda ýerleşmek bilen, Ýaponiýanyň öňdebaryjy ylmynyň we tehnologiýasynyň milli muzeýi bolup durýandyr. Bu ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalaryna ýapon alymlarynyň häzirkizaman öňdebaryjy ylmy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti «Аriake Water Reclamation» suw arassalaýyş merkezine bardy, ol özbaşyna suwy arassalamagyň aýratyn ulgamy bolup durýandyr. Wekiliýetiň agzalary bu ýokary tehnologiki merkeziň işi we gurluşy bilen doly tanyşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi