icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 mart 2019

1948

«Adam hukuklary boýunça Тürkmenistan-ÝB dialogynyň» nobatdaky tapgyry Aşgabatda geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi.

ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Din işleri boýunça bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.   

Duşuşygyň barşynda adam hukuklary boýunça esas goýujy kadalaryň we konwensiýanyň berjaý edilmegi, şol sanda ynsanperwerlik ulgamynda çäreleriň meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Türkmenistanyň ÝB, BMG-niň institutlary we ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen beläp geçdiler, şeýle hem adam hukuklary ulgamynda gazanan üstünliklerini hem-de türkmen tarapynyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň bu ugruny diwersifisirlemäge taýýarlygyny makulladylar.  

Taraplar şeýle hem raýat jemgyýetiniň ösüşi, düzediş edaralarynyň meseleleri we tussag astynda saklamagyň şertleri, aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy, adamlaryň ykdysady we sosial hukuklarynyň berjaý edilmegi ýaly meseleler boýunça pikirleri alyşdylar. Şunuň bilen birlikde kanunyň başda durmagy we kazyýet ulgamynyň özgertmeleri, şol sanda adam hukuklarynyň goragy boýunça döwlet edaralarynyň işleriniň monitoringi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda ÝB-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ýokarda görkezilen ulgamlar boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça tagallalaryny goldaýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem bu ugurda ýurduň milli hukuk goraýjy edaralarynyň we institutlarynyň işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar «Adam hukuklary boýunça Тürkmenistan-ÝB dialogynyň» nobatdaky 12-nji tapgyrynyň 2020-nji ýylda Brýusselde geçirilmegi barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi