icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 aprel 2019

623

«Howdan - Bajgyran» sebitinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde «Howdan - Bajgyran» sebitiniň golaýynda Halkara Nowruz güni baýramçylygynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen birlikde gurnalan dabaraly çäre geçirildi.

Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapyndan dabaralara hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk boýunça guramasynyň başlygy Ali Asgar Munesan we Horasane-Rezawi welaýatynyň häkimi Ali Reza Razm Hosseýni dagylar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna Eýranyň ýokary döwlet işgärleri, Eýranda ýaşaýan türkmenler we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.    

Dabaralaryň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň folklor toparlarynyň çykyşlary, medeni-miras we amaly-haşam sungatynyň  eserleriniň sergisi, şeýle hem milli tagamlaryň hödür-keremi geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi