icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 aprel 2019

580

Aşgabatda KHBS wekilleri üçin BSG-niň Ýewropa maslahatyna bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) bilen birlikde guralýan “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly Ýewropa sebitiniň ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, BSG-niň Türkmenistandaky sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy we BSG-niň jogapkär wekilleri, şeýle hem ýerli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylara geçiriljek maslahatyň maksatlary we wezipeleri, şol sanda global maksatlaryň syny we sebitdäki häzirki ýagdaý barada maglumatlar berildi. Şeýle hem saglygy goraýyşyň pugtalandyrylmagynda we ilatyň habardarlylygynyň ýokarlandyrylmagynda KHBS-iň ähmiýeti we orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda saglygy goraýyş bilen bagly bolan meseleleriň Durnukly ösüş maksatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenilip geçildi. Türkmenistan BMG-niň degişli edaralary we BSG-niň Ýewropa Edarasy bilen bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. DÖM-ny durmuşa geçirmegiň meseleleri ýurdumyzyň 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi