Aşgabatda ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan Maslahat geçirildi

img

16/04/2019

224

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahatyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, milli hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Özüniň gutlag çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow myhmanlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlady we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Maslahatyň üstünlikli geçirilmegi baradaky ýakymly arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellemek bilen, Ministr syýasy, ekologiki we geosyýasy aýratynlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen geçen ýyllaryň içinde amala aşyrylan takyk işler hakynda gürrüň etdi. Global we sebit derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ilerledilmegine gönükdirilen häzirki taslamalar bellenilip geçildi.

Soňra ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingere söz berildi, ol şeýle wajyp çäräniň guramaçylygynda beren hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we 20 ýylyň dowamynda ÝHHG-niň we Türkmenistanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň köpugurlylygyny hem-de netijeliligini aýratyn belledi.

2019-njy ýylda Slowakiýa Respublikasynyň Başlyklyk etmeginiň çäklerinde ÝHHG-niň ileri tutulýan ugurlary bellenilip geçildi.

Çykyşlaryň barşynda oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna öz wagtynda seslenmek maksady bilen ÝHHG-niň gatnaşyjy-ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar.