icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2016

1565

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, stats-sekretary G.B.Karasinyň baştytanlygyndaky wekiliýet iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi.

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Russiýanyň wekiliýetiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmen döwletiniň Lideri bilen bolan duşuşykdan soň, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini, şeýle hem halkara we sebitleýin syýasatyň iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeler Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek boýunça Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi