icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 aprel 2019

717

Türkmenistan we Mongoliýa özarabähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Mongoliýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Batmýonhiýn Batseseg ýolbaçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi.

Taraplar diplomatiýanyň energetika, ulag we suw ýaly esasy üç ugrunyň nazarda tutulmagy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertleriň bardygyny nygtadylar we bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine güýçli itergi bermek üçin ýokary derejedäki saparlaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň zerurlygy we parlamentara gatnaşyklarynyň derejesinde wekiliýetleriň alyşylmagy dogrusynda pikirler alyşyldy.

Şeýle-de taraplar mümkinçilikleri doly görnüşde entek açylmadyk söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurlygyny nygtadylar. Bu ugurda iki ýurduň arasynda energoserişdeleriniň we oba hojalyk önümleriniň eksportynyň we importynyň ýola goýulmagynyň meselelerine seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi