2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara alyp maslahatlaşdylar, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýändir. Şeýle hem taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller Palatasynyň arasyndaky Parlamentara dostluk toparynyň işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.