Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýylky birinji sany çapdan çykdy.
Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen onuň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda geçiren, şeýle-de Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň biziň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçiren ýokary derejeli duşuşyklary baradaky makalalar bilen başlanýar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň işiniň başlamagyna 20 ýyllygyna bagyşlanan interwýu okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Mundan başga-da žurnalda Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň Ilçileriniň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara bagyşlanan makalalary ýerleşdirilendir.
Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda okyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyna, gender deňligine, bitarap Türkmenistanyň üstaşyr-ulag taslamalary babatdaky amala aşyrýan işlerine bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bilerler.
Žurnalyň şu sanyndaky şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forum baradaky makala aýratyn gyzykly bolar. Mundan başga-da, bu sanda okyjylar dünýäde bellenilýän halkara günlere bagyşlanan täze rubrika bilen hem tanşyp bilerler.
«Diplomatik durmuşyň hronikasy» diýen rubrikada Aşgabatda we dürli ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki duşuşuklara we gepleşiklere, bilelikdäki hökümetara toparlaryň maslahatlaryna, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hem-de halkara duşuşyklara we maslahatlara syn berilýär.
Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.