icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2019

637

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň täze Ilçisi akkreditirlendi

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.) Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikirleri alyşdylar hem-de Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlyklaryny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi