icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 dekabr 2016

1610

Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Nowruz baýramynyň däp-dessurlary Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň 11-nji mejlisinde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
           Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizmek baradaky degişli başlangyç döwletleriniň 12-den - Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelip gowuşdy, bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda bellenilýär. 
           Mälim bolşy ýaly, BMG-niň 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçirilen 64-nji Baş Maslahatynyň barşynda BMG-niň gije-gündiziň deňleşýän döwri – 21-22-nji martda bellenilýän Nowruzy Halkara baýramy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi. 
Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi