icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 iýun 2019

2236

Türkmenistanyň DIM-de Litwa Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Waldas Lastauskas bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde hem-de abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, BMG bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlan işleriň netijeliligi dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistanda diplomatik işini amala aşyran döwründe görkezen işjeňligi üçin Litwa Respublikasynyň Ilçisine öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi