icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

25 iýun 2019

2194

Mary şäherinde Sebitdäki kiçi sebitleýin geňeşleriň işindäki meseleler boýunça okuw maslahaty öz işine başlady

2019-njy ýylyň 25-nji iýunynda Mary şäherinde ýerleşýän Mary welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkeziniň “Sebitdäki kiçi sebitleýin geňeşleriň işindäki meseleler we olara ýardam bermekligi ösdürmekde hyzmatdaşlaryň orny” atly okuw maslahaty öz işine başlady.

Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde Merkezi Aziýada sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkez hem-de Araly halas etmekligiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji geňeşi bilen bilelikde guralan okuw maslahatyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Murgap derýasy boýunça kiçi sebitleýin geňeşleriniň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň maksady kiçi sebitleýin geňeşleriň arasynda özleriniň basseýnlerini ösdürmeklikdäki işleri boýunça özara tejribelerini alyşmaklykdan ybarat. Seminaryň dowamynda Murgap basseýniniň ýeten sepgitlerini görmeklik hem meýilleşdirilýär.

Seminar öz işini 26-njy iýuna çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi