icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 iýul 2019

508

Tähranda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Eýranyň Söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk Edarasynyň (EYR SSE) ýardam bermeginde maglumat beriji brifing geçirdi.

Çärä EYR-nyň SSE-nyň, Daşary işler ministrliginiň, Senagat, magdan we söwda ministrliginiň, Ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, hazarýaka döwletleriniň ilçihanalarynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, şeýle hem ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.  

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň EYR-ky Ilçisi bu ýere gelenleri birinji Hazar ykdysady forumyna degişli maglumatlar bilen tanyşdyrdy, şeýle hem onuň çäklerinde guraljak çäreler hakynda gürrüň berdi. Çykyşlaryň tamamlanmagy boýunça bu ýere gelenlere forum hakyndaky wideorolik görkezildi we pikirleri alyşmak hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap bermek üçin oňyn mümkinçilikler döredildi.

Hazarýaka döwletleriniň wekilleri şeýle hem Türkmenistanyň forumy geçirmek baradaky başlangyjyna degişlilikde özleriniň oňyn nukdaýnazarlary hakynda gürrüň etdiler we bu meýdançanyň her bir ýurduň aýratynlykda we tutuşlygyna sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi