icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 awgust 2019

2416

«Awazada» türkmen-gazak gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy.

Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň hazarýaka döwletleriniň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin netijeli platformanyň döredilmegi ugrunda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtady.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna jikme-jik seredip geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi