icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 sentýabr 2019

870

Magtymguly-Pyragy adyndaky (Astrahan welaýaty) we A.S.Puşkin adyndaky (Aşgabat ş.) mekdepleriň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi

2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi.   

Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adamlar gatnaşdylar.  

Özleriniň dabaraly çykyşlarynda Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Astrahan welaýatynyň ýaşaýjylary üçin gurlup berilen Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep üçin çuňňur minnetdarlyklaryny beýan etdiler we türkmen-rus gatnaşyklarynyň ynsanperwerlik ulgamynda mundan beýläk hem berkidilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi