icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 sentýabr 2019

543

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda S.Lebedew şu ýyl ýurduň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň esasy maksatlarynyň we wezipeleriniň ilerledilmeginde Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalara ýokary baha berdi. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenilip geçildi, bu bolsa ýurtlaryň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşdy.

Soňra taraplar GDA-nyň nobatdaky Ykdysady Geňeşiniň mejlisiniň mowzuklaryna garadylar. Bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi özara gyzyklanma döredýän meseleler, hususan-da ykdysady we durmuş syýasatynyň işlenilip düzülmegi ulgamynda GDA-nyň gatnaşyjy-döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga özüniň oňyn täsirini ýetirmegine gönükdirilendir.

Taraplar şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi