icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 oktýabr 2019

783

Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň Başlygy bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Pakistanyň goşunynyň Birleşen karargähleriniň komitetiniň başlygy, general Zubair Mahmud Haýatyň ýolbaşçylygyndaky Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özarahormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň hem-de Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda köpugurly ulag hem-de energetika taslamalarynyň üstünlikli ilerledilýändigi bellenilip geçildi. Taraplar bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir bu iri göwrümli taslamalara gatnyşyjy-ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine agramly goşant goşýandygyny nygtadylar. 

Duşuşygyň barşynda şeýle-de ugurdaş bilim, Türkmenistanyň we Pakistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň arasynda bilermenlik başarnyklarynyň alyşylmagy maksady bilen hünärmenleriň saparlarynyň guramaçylygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi