icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 oktýabr 2019

2099

Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentleri geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.N.Dodonyň baştutanlygynda bu ýurduň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Mejlisiň çäklerinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň liderleri söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi