icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 oktýabr 2019

2027

Iki döwletiň Prezidentleri türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň geljekki gatnaşyklaryny, şeýle-de iki ýurduň     Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi