icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 oktýabr 2019

2052

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi