icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 oktýabr 2019

506

Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek meseleleri hakynda pikir alyşyldy. Ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle-de suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi