icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2019

993

Aşgabatda Türkmenistan bilen HHR-nyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Hytaý wekiliýetine Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen ýolbaşçylyk etdi.

Hususan-da, taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Ýokary derejelerdäki duşuşyklary işjeňleşdirmek hakynda aýdyp, diplomatlar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlaryny guramagyň örän wajypdygyny hem belläp geçdiler.

Mundan başga-da, diplomatlar gün tertipde duran oba hojalyk, ulag, logistika, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet, sungat, şeýle-de sport we syýahatçylyk ýaly ugurlary babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda her ýurt ägirt uly kuwwatyny dolulygyna amala aşyrmaga giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi baradaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ylalaşyldy.

Medeni-ynsanperwerlik ulgamdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi barada durup geçmek bilen taraplar Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmek we öňe sürmek boýunça dürli merkezleri döretmek, şol sanda bu ugurdaky özarabähbitli geljegi bar bolan taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeni kabul etdi.  

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň göwrümli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky wajyp meseleler dogrusynda pikir alyşdylar.    

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi