icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 oktýabr 2019

710

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 15-nji mejlisi geçirildi.

Toparyň mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, eýran tarapyndan - Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri M.Eslami ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň başynda taraplar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we adalatly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we EYR-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Toparyň geçen mejlisiniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine degişlilikde pikirler alyşyldy. Iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň çuňlaşdyrylmagy, şeýle-de işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça tekliplere garaldy. Bu ugurda taraplar öňdebaryjy eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän häzirki taslamalara seredilip geçildi.

Hususan-da, wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan ýangyç-energetika ulgamynda özarahereket etmek, ulag we aragatnaşyk, harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat, oba we suw hojalygy, inžener-tehniki işläp düzmeler ýaly ulgamlardaky gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine seredildi. 

Taraplar ýurtlaryň welaýatlarynyň hyzmatdaşlygy, ylym we bilim, daşky gurşawyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynda özarahereket etmek, syýahatçylygyň ösdürilmegi ýaly ulgamlara aýratyn üns bermek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem pikirleri alyşdylar.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi