icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 oktýabr 2019

1248

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa iş sapary

2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano bilen geňeşmeler geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2019-njy ýylyň noýabrynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna  resmi saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-italýan işewürler maslahatyna degişli meselelere hem seredilip geçildi. Şeýle-de taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny belläp, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy geljekde berkitmek barada pikir alyşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi