icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 oktýabr 2019

504

Türkmen wekiliýeti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammitine gatnaşdy

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi.

Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdylar.

Şol gün ýokary derejeli myhmanlar çäräniň geçirilýän ýeri bolan Baku şäherindäki “Fairmont” myhmanhanasynyň VIP otagynda ýygnandylar. Surata düşmek dabarasyndan soňra maslahat öz işine başlady.

Döwlet ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan soň gol çekişlik dabarasy boldy. Soňra ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Nahar wagtynda her ýurda bagyşlanyp aýdymlar ýerine ýetirildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi