icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 oktýabr 2019

649

Türkmenistanyň Prezidentiniň  Ýaponiýa iş sapary başlandy

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar.

Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyna ugrady.

Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi