Aşgabatda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat öz işine başlady

2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.

Sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, neşirýat gullugynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Türkmenistandan sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.

Owadan bezelen bölümler kitap we neşir önümleriniň täzelikleri, kitap neşir etmekde we kitaphana işinde ulanylýan täze tehnologiýalar bilen tanyşdyrýar. Kitap sergi-ýarmarkanyň ýeke-täk eksponaty däl. Bu ýerde dürli çap enjamlaryny, kömekçi serişdeleri öndürijileriň diwarlyklary hem ýerleşdirildi.

Kitaba hem-de kitap işine bolan gyzyklanmany artdyrmak, pudagyň innowasiýalary hakynda maglumat almak, hünär gatnaşyklarynda tejribe toplamak ýaly meseleler günüň ikinji ýarymynda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Ol Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, kitaphanalaryň wekillerini, neşir önümleri boýunça hünärmenleri, ýazyjylary we žurnalistleri bir ýere jemledi.

Pikir alyşmalaryň barşynda ugurdaş düzümleriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, şol sanda neşirýat we kitaphana işiniň, çaphana tehnologiýalarynyň, terjimeçilik işiniň hünärmenlerini taýýarlamagyň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy noýabrda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş dabarasynda sergä gatnaşyjylara, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen dürli ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine diplomlar gowşurylar.