icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 dekabr 2019

550

Türkmenistanyň DIM-de Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen giňeldilen mejlisine bagyşlanan brifing geçirildi, onuň barşynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi.

Brifinge Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň, ýolbaşçylary, daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Brifingde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň, ýagny Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasowyň, Fransiýadaky Ilçisi Ş.Jumaýewiň, Eýrandaky Ilçisi A.Gurbanowyň, Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýewiň, «Diýar» žurnalynyň Baş redaktory G.Orazgulyýewiň, «Türkmenistan» gazetiniň Baş redaktory K.Rejepowyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda sözlän sözleri aýratyn bellenilip geçildi, «Häzirki döwürde biz daşary syýasat gullugynyň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň öňünde ýakyn ýyllar üçin iş ýüzündäki amaly wezipeleri goýýarys. Ýöne, elbetde, bu wezipeleriň ählisi hemişe baş maksadymyza, ýagny parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmäge gönükdirilmelidir. Munuň üçin Bitarap döwletimiz, ilkinji nobatda, goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder. Ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň bähbitlerine, ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine hem-de özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna bolan gyzyklanmany höweslendirmelidir».

Mundan başga-da, bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram ediljekdigi bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu şanly sene mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky», «Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklamak hakyndaky», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky», «Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky» Kararlarynyň Hökümetimiziň hem-de ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleriniň derwaýyslygynyň we möhümliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.    

Çykyşlaryň barşynda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, onuň bütin dünýäde abraýyny has-da artdyrmak üçin milli diplomatik düzüminiň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Mejlisiň barşynda çykyş eden diplomatlar düýnki mejlisiň dowamynda gol çekilen resminamalaryň öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtadylar. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu işler biziň daşary syýasat gullugymyzdan uly jogapkärçiligi, diplomatlaryň bilimlerini hem-de tejribesini iş ýüzünde ulanmagyny talap edýär hem-de olaryň öňde goýlan ähli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi