Türkmenistanyň DIM-de HGHK-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi.     

Duşuşygyň başynda HGHK-nyň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Soňra, taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde edilen işler barada pikir alyşdylar hem-de saglygy goraýyş, ynsanperwer hukugy meseleleri, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti bilen bilelikde gurnalan mowzuklaýyn okuw sapaklary boýunça geçirilen çärelere ýokary baha berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda, hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän häzirki we geljekki ugurlaryna seredip geçip, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.