icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 dekabr 2019

535

Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi

Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi.

BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.

Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.

Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy.

Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi