icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 dekabr 2019

930

Türkmenistanyň wekiliýeti Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Baş direktory A.Witorino bilen duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Bosgunlar boýunça birinji Global Forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň merkezi edara binasynda, bu guramanyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada belläp geçdiler. Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi, adam söwdasy ýaly migrasiýa meselelerine Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary hökmünde garaýandygy barada nygtaldy.

Şeýle hem, “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň” ähmiýeti barada maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýurdumyzda işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygy we bu ugurda hem ýurdumyzyň 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilendigi barada bellenildi.

Türkmenistanyň raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak babatda alyp barýan işleri barada belläp geçmek bilen bosgunlar we raýatlygy bolmadyk şahslar, migrantlar bilen bagly milli we halkara derejesindäki meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň öz üstüne alan borçlaryna berk ygrarlydygy bellenildi.

Duşuşygyň çäginde taraplar bilelikde amala aşyrylýan taslamalar, şol sanda Ýolagçylar barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça (API) sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirmek babatda pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi