icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 fewral 2017

1036

Türkmenistan bilen Owganystan iki ýurduň arasynda diplomatic gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny bellediler

2017-nji ýylyň fewral aýynyň 21-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygy mynasybetly surat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

 Şeýle taryhy senede bu baýramçylyga gatnaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nasir Ahmad Andişanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Türkmenistana geldi.

Serginiň açylyş dabarasyna Owganystanyň wekiliýeti, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň  we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri gatnaşdylar.

Iki döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygy mynasybetli iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Şol brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk we doganlyk häsiýete eýedigini aýtdy. Türkmenistan özüniň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde doganlyk Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň dabaralanmagyna hem-de milli ykdysadyýetiniň we sosial infrastrukturasynyň dikeldilmegine öz goşandyny goşýandygy belledi.

Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Nasir Ahmed  Andişa öz gezeginde, baýramçylyk çäresine gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny aýratyn belledi.

Brifingiň ahyrynda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýola goýulan diplomatik gatnaşyklarynyň 25-ýyllygy bilen öz gutlaglaryny aýtdylar we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi