icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 maý 2020

955

Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň işjeň häsiýeti bellenilip geçildi. Taraplar ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygynyň meseleleri babatynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.    

Ýaýradylmazlygyň, ýaragsyzlanmagyň we ýadro howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy gurlaryna öwrüljek Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýeti barada gürrüň etmek bilen taraplar global mazmunda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. 

BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak ulgamynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de global ölçegde bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.

Taraplar hünärmenleriň taýýarlygy, milli bilermenleriň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasy tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna we tälim okuwlaryna gatnaşygynyň üpjün edilmegi, tehniki kömekleriň berilmegi bilen bir hatarda özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi