icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 mart 2017

1062

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-na agzalyga saýlanmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşmak üçin gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýokanç däl keselleriň gözegçiligi we saglygy berkitmek bölüminiň müdiri jenap Gauden Galea hem-de temmäki serişdeleriniň gözegçiligi we olara garşy göreş boýunça maksatnamasynyň dolandyryjysy hanym Kristina Mauer-Stender bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri “Ýewropa sebitini temmäki serişdelerinden azat etmeklik ugrunda Aşgabat jarnamasynyň düzgünnamalarynyň amala aşyrylyşy” taslamasynyň ikinji ýyly üçin hasabat berip, temmäki serişdeleriniň gözegçiligi we temmäkä garşy göreşmek boýunça taslamasynyň möhletini uzaltmak mümkinçiligi barada gepleşdiler.

Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hymatdaşlygynyň  ýokary derejesini we peýdalylygyny belläp, taraplar temmäki serişdelerine garşy göreşde bilelikde ýetilen netijeleriniň üstünliklidigi bilen kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň milli derejede alyp barýan  temmäki serişdelerine garşy göreşinde ýeten üstünligi barada hem aýdyp geçdiler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna temmäkiden azat diýen derejäni bermekligiň meýilnamasyny düzmekligi teklip berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi