icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýun 2020

920

Syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplomatlar taraplaryň halkara hem-de sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özara taýýarlyklaryny nygtadylar. Ýurtlaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga ygrarlydyklary bellenilip geçildi. Bu ugurda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda iki ýurduň arasynda import we eksport amallarynyň kämilleşdirilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň soňky geçirilen mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň meselelerine jikme-jik garaldy.

Duşuşyga gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow we Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary B.Abidow dagylar taraplaryň bu ugurdaky nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Taraplar şonuň ýaly-da energetika we suw hojalygy pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitdäki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagynda ulag-kommunikasiýa ulgamy, gatnawlar hem-de üstaşyr geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda serhetüsti özarahereketleriň ýokary derejesi bellenilip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada ylalaşdylar. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň gaýtadan dikeldilmeginiň meselelerine hem seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi