icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 awgust 2020

1036

Ministrler derejesindäki gepleşikleriň barşynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-üstaşyr gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, demirýol arkaly ýük gatnawlarynyň kadaly ýagdaýda saklanylmagyna aýratyn üns berildi.

Ministrler ikitaraplaýyn özarahereketleriň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler.  Ulag we kommunikasiýa, senagat, oba we suw hojalygy ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada pikir alşyldy.    

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi