icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

17 awgust 2016

2283

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary

Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna barýan Türkmenistan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün edip, milli ykdysadyýeti ösdürmegini dowam edýär hem-de rowaçlygyň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýar.Ýurdumyzda konstitusion derejede adam jemgyýetiň esasy gymmatlygy hökmünde yglan edildi. Döwletimiz dünýäniň okgunly ösýän, rowaçlanýan hem-de parahatçylygy söýüji ýurtlarynyň hataryna girýär. Giň möçberli özgertmeleriň okgunly amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Düýpli özgertmeler bilen birlikde, giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy hem üstünlikli ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk onuň aýdyň görkezijileriniň biridir.

Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasaty asudalygyň hem-de howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we amala aşyrýan anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de berkeýär. Düýpli özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi hem-de ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda haýran galdyryjy üstünlikler gazanyldy. Şol üstünlikler bolsa halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Bu babatda döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine, şol sanda onuň ýolbaşçy düzümine işjeň gatnaşýandygy bellärliklidir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanan Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň öňümizdäki ýokary derejeli forumyna ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkarar etmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda bellenen Gün tertibini doly möçberde amala aşyrmak, möhüm ähmiýetli maslahatlaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý etmek boýunça halkara tagallalaryny yzygiderli utgaşdyrmak işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde döwletimiziň ileri tutýan garaýyşlary onuň daşary syýasat ugrunyň binýatlaýyn esaslarynyň mizemezligini subut edýär. Oňa laýyklykda, Türkmenistan geljekde hem bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmäge berk eýermek ýörelgelerinden ugur alar.

Ýurdumyzyň abraýly orny onuň ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ençemesiniň, şol sanda BMG-niň Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň bosgunlaryň işi boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň ykdysady ösüş boýunça komissiýasynyň, BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň, BMG-niň ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Durmuş taýdan ösüş boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Ösüş maksadynda ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň doly hukukly agzasy hökmünde netijeli işi bilen tassyklanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy we sebit meseleleri boýunça halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňümizdäki mejlisiň barşynda yzygiderli işleriň alnyp barylmagy möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Ileri tutulýan garaýyşlar olaryň strategik ugurlaryny kesgitleýär. Şol ugurlar bolsa parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy, ulag we energetika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, ekologiýa meseleleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň howpunyň azaldylmagyny öz içine alýar. Ynsanperwer we medeni gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

 

Parahatçylyk we howpsuzlyk

BMG-ä agza döwletleriň halkara terrorçylyga garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleri ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan mundan beýläk hem terrorçylyk howpuna garşy durmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryna saldamly goşandyny goşar. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň BMG-niň Merkezi Aziýadaky Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji jarnamany hem-de Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler görler.

Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny we adam söwdasyny halkara howpsuzlygynyň hem-de durnuklylygynyň wehimleri we howplary hasaplaýar. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýeti, Ýokary komissaryň Bosgunlaryň işleri boýunça müdiriýeti, Migrasiýa baradaky halkara guramasy bilen bilelikde bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň anyk taslamalary işlenip taýýarlanylar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, mundan beýläk hem ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmazlyk ulgamynda işjeň syýasaty alyp barar. Şunda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Ylalaşygyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly hereketler ýola goýlar.

Türkmenistan halkara parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň işini kadalaşdyrýan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi ugrunda çykyş edip, Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň utgaşdyryjylyk orny eýelemeginde syýasy-diplomatik serişdeler hem-de usullar arkaly gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmek meselelerine bitewi konseptual çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, giň geňeşmeleri teklip edýär.

Munuň üçin Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy hökmünde halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan ýörite mejlisiniň çagyrylmagyny maksadalaýyk hasaplaýar. Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mesele boýunça degişli kararnamasyny işläp taýýarlamak üçin öz tekliplerini bermäge taýýardygyny beýan edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birinji komitetiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň “Halkara bitaraplyk we parahatçylyk güni” kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiligine garamak teklip ediler.

 

Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini iş ýüzünde amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň tagallalary onuň milli maksatnamalara ýakynlaşdyrylmagyna gönükdiriler. Dünýä, sebit we ýerli derejelerde hökümetleriň, hususy ulgamyň hem-de raýat jemgyýetiniň arasynda umumy ýörelgeler, gymmatlyklar we maksatlar esasynda guralýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmazdan, Durnukly Ösüş Maksatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek mümkin däldir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişelik esasda hereket edýän halkara maslahatlary, forumlary ýaly usullarynyň ulanylmagyny peýdaly hasap edýär. Olar möhüm meseleler boýunça garaýyşlary ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin syýasy binýat hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant hökmünde BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda şeýle duşuşyklary geçirmek üçin syýasy giňişligini teklip etmäge taýýardyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky “Biziň dünýämiziň üýtgedilmegi: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi” atly Kararnamasynda sportuň durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridigi bellenilýär. Hususan-da, bu Kararnamada: “Biz ösüş we parahatçylyk işine sportuň artýan goşandyny ykrar edýäris, çünki ol sabyrlylyk we hormat goýmak ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna hem-de zenanlaryň we ýaşlaryň, aýry-aýry adamlaryň hem-de jemgyýetleriň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan ýakynlaşmak maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär” diýlip aýdylýar.

Häzirki wagtda sport halklaryň hem-de döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm birleşdiriji şertleriniň biri bolup durýar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň bu işe saldamly goşandy bolmalydyr. Bu oýunlara Aziýa yklymynyň ýurtlarynyň onlarçasy hem-de Okeaniýa ýurtlary gatnaşar.

BMG-de däbe öwrülen tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistan V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda BMG-niň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bu oýunlar, ony sport we umumadamzat ähmiýeti barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli çäreleriň birnäçesini geçirmegi teklip edýär. BMG-ä agza döwletleriň ählisini bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

Türkmenistan dürli sebit we sebitara ulag-üstaşyr ýollaryny döretmek işini çaltlandyrmaga ýardam eder, şol ýollar bolsa, elbetde, dünýäde ykdysady işjeňligiň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr düzümiň birleşen multimodal ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşýar, özara bähbitlilik esasynda hem-de şunuň ýaly taslamalara gatnaşyjylaryň bähbitlerini nazara almak bilen, Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlarynyň dürli konsepsiýalarynyň özara baglylyk mümkinçiligini esasly diýip hasaplaýar. Ýurdumyz olara dürli görnüşde, şol sanda halkara we sebit ykdysady guramalarynyň çäklerinde gatnaşmak boýunça gepleşikleri geçirmäge taýýardyr.

2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi ulag we üstaşyr ýollaryny döretmäge ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak ýolunda, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny" hem-de 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul eden “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksadynda ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmäge tarap ýolda” atly kararnamalarynyň düzgünlerini amala aşyrmak babatda möhüm ädim bolar. BMG-niň agzasy bolan döwletleri hem-de halkara guramalaryny bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrýar.

Türkmenistan ulag babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça başlangyçlaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän halkara ulag ulgamyny giňeltmek üçin hukuk we institusional esaslary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýar. Türkmen tarapy maslahatyň çäklerinde BMG-niň Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň ösdürilmegini göz öňünde tutýan Ýörite maksatnamasynyň esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar.

 

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

Halkara energiýa ugurlarynyň ygtybarlylygy we howpsuzlygy hem-de hukuk taýdan goraglylygy bu gün aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen bu meselä umumy kabul ederlikli köptaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerurlygy has aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistan bu mesele boýunça öz garaýşyny beýan etmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmeginiň deňhukuklylyk, adalatlylyk esasynda amala aşyrylmaly, ykdysady we söwda babatda esaslandyrylan bolmaly diýen berk ynamdan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan anyk kesgitlenen ýörelgeler esasynda hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklara taýýardygyny beýan edýär. Türkmenistan Energetika hartiýasynyň Başlygy hökmünde 2017-nji ýylda şol ýörelgesini — ilkinji nobatda, bu meselä doly gabat gelýän çemeleşme hökmünde erkin üstaşyr geçirmek ýörelgesini goldar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň barşynda dünýäniň energetika giňişliginde tertibiň umumy kabul edilen düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine ýardam etmegi dowam eder. Birleşen Milletler Guramasy boýunça hyzmatdaşlarymyzy bu işe çagyrýarys.

Türkmen döwleti energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek, hemmeleriň durnukly ykdysady ösüşine, doly we öndürijilikli, mynasyp işlemegine ýardam etmek meseleleri boýunça Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşmak maksady bilen Türkmenistan—Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görmegi dowam eder.

Türkmenistan durnukly energetikanyň dünýä ykdysadyýetiniň howpsuzlygyny hem-de ygtybarlylygyny berkitmegiň, ekoulgamy goramagyň we halkara işlerinde adalatlylygy gazanmagyň aýrylmaz şertidigine ynanýar.

 

Ekologiýa meselelerinde we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda hyzmatdaşlyk

Howanyň dünýäde üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmak boýunça halkara tagallalarynyň aýrylmaz bölegidir. Ol adamzadyň durmuşyna hem-de halkara ykdysady işlerine örän uly täsirini ýetirýär.Türkmenistan bu ugurda ozal başyny başlan, sebit we halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlygyň usullaryny döretmäge gönükdirilen anyk tekliplerini amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri amala aşyrmagyny dowam eder. Olaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bar. Onuň işi üçin türkmen tarapy zerur bolan düzümi bermäge taýýardyr.

Netijeli we oýlanyşykly ädimleri ätmek, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge işjeň ýardam etmek hem-de Türkmenistanyň geljekde Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini we Merkezi Aziýa sebitinde bar bolan halkara usullaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Suw diplomatiýasy boýunça başlangyçlaryny öňe süreris. Araly halas etmegiň halkara gaznasy diňe Aral ýakasynyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa taýdan sagdynlaşmagyna hem-de durmuş-ykdysady we suw meselelerini çözmäge gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda öňe süren halkara başlangyçlaryna esaslanmak bilen, Türkmenistan tebigy betbagtçylyklar zerarly döreýän adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny döretmek boýunça ähli tagallalary eder. Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde tebigy betbagtçylyklary öňünden habar bermegiň sebit ulgamyny döretmek maksady bilen, türkmen tarapy bu babatda gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen işlemäge taýýardygyny beýan edýär.

 

Ynsanperwer meseleler

Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary we azatlyklary baradaky esasy Konwensiýalaryny hem-de beýleki köptaraplaýyn halkara namalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklap, ynsanperwer ulgamda anyk hereketleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tagallalaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden halkara hukuk resminamalarynyň esasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň milli hem-de sebit maksatnamalaryny we meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklara gönükdirer. Bu işde aýratyn orun raýatlaryň has ejiz toparlaryny: bosgunlary, göçýänleri we raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga degişli bolar.

Şeýlelikde, ýokarda kesgitlenen ugurlar, şeýle hem dürli halkara maslahatlarynda öňe sürlen başlangyçlaryň we teklipleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň barşynda Guramanyň agzasy bolan ähli döwletler, BMG-niň guramalary, edaralary, agentlikleri we institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň çemeleşmelerini işläp taýýarlamakda kesgitleýji bolar.

Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny goldaýar, parahatçylygyň we adalatlylygyň belent maksatlarynyň bähbidine bilelikde işlemäge, Birleşen Milletler Garamasynyň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri amala aşyrmaga taýýardygyny beýan edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi