icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 oktýabr 2020

807

Türkmenistan awtomobil ulagy ulgamynda içerki mümkinçiliklerini artdyrýar

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we käbir pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri,  şeýle-de ýurdumyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen gurlan, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desga Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanylyşa berilýändir. 

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz ulag infrastrukturasynyň, şol sanda awtomobil toplumy ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Dünýä brendleriniň döwrebap ulag serişdeleriniň satyn alynmagy bilen pudagyň binady yzygiderli täzelenýär we şunuň bilen birlikde hem ýurduň awtobus hem-de taksomotor kärhanalarynyň gerimi giňedilýär. 

Türkmenistan durnukly we howpsuz ulaglar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek hereketleriniň täsirinde hereket edýän ýurt hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklarynyň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Biziň ýurdumyz tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanylyp, ol BMG-a agza döwletleriň garamagyna iberildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi