icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 oktýabr 2020

582

Türkmenistanyň Prezidenti ýewraziýa giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti belläp geçdi

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. 

Döwlet Baştutanymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriniň birnäçesini ileri tutdy. Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «taryhy taýdan biziň yklymymyz ýygjam we köptaraply gatnaşyklaryň tebigy giňişligi gökmünde orta çykyp, şol gatnaşyklara onlarça halklar hem-de döwletler goşuldy». Ol toplanan köpasyrlyk tejribä akyl ýetirmek hem-de ony häzirki ýagdaýlara we şertlere hakyky uýgunlaşdyrmaga çagyrdy. 

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyplygyny we hemmataraplaýyn ösüş ýolunda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nygtady. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk Ykdysady syýasat» başlangyjyna dostlukly çemeleşmesini beýan etmek arkaly, Prezident onuň «köpugurly energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde, özara baglanşykly bolan önümçilik tapgyrlarynyň hem-de Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmeginde anyk höweslendiriji güýje öwrüljekdigine ynanýaryn» diýip, aýratyn belledi.  

Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejeliligini bellemek bilen, ýurtlaryň arasyndaky netijeli özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki hereketleriň köptaraplaýyn formatlaryny baýlaşdyrýandygyny we pugtalandyrýandygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öz çykyşynyň başynda belleýşi ýaly, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumy ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan bu mümkinçilikleri we artykmaçlyklary ösüşiň umumy maksatlarynyň hyzmatyna goýmaga, gatnaşyklaryň anyk ykdysady, söwda, maýa goýum ulgamynyň döredilmegine hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde rowaçlygyň we abadançylygyň ýoly bilen gitmäge goşandyny goşmaga taýýardyr», diýip belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi