icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 oktýabr 2020

2784

Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum – ýurtlaryň medeni-ynsanperwer dialogy üçin täze meýdança

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seulda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum wideomaslahat görnüşinde geçirildi, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi. Prezident umumy taryhy, medeni we siwilizasion gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny aýratyn belledi.  

Türkmenistan öz gezeginde bu wekilçilikli Foruma Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi hökmünde garaýandyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn nygtaýşy ýaly, «toplanan köpasyrlyk tejribä akyl ýetirmek hem-de ony häzirki anyk ýagdaýlara we şertlere hakyky uýgunlaşdyrmak – Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalary we strategiýalary döredilende şu günki günde umumy wezipeler, biziň pikirimizçe, hut şeýdip kesgitlenilmelidir».

Wajyp taryhy hadysa bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýoly diňe bir täjirçilik ugry hökmünde çykyş etmän, eýsem medeniýetleriň we dessurlaryň özara aralaşmagyny üpjün etmek arkaly, örän ähmiýetli siwilizasion wezipäni durmuşa ornaşdyrypdyr.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi