Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.       

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda şu ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerine seredip geçdiler.

Bu ugurda diplomatlar bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan nebitgaz ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Malaýziýanyň nebit, gaz we energetika pudaklarynda ýöriteleşýän kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da taraplaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny ýigjamlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi. 

Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ynsanperwerlik ugry aýratyn bellenilip geçildi. Çünki taraplaryň bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş pudaklary boýunça netijeli özara hereketleriniň çuňlaşdyrylmagy üçin ähmiýetli tejribeleri hem-de giň mümkinçilikleri bardyr.

Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine itergi berjek bilelikdäki çäreleriň geçirilmek maksady bilen iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň özarahereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy aýratyn bellenilip geçildi.