Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün, 25-nji noýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi tassyklanyldy.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de senagat hem-de maliýe-bank ulgamlaryndaky özara hereketlere seredilip geçildi. Geologiýa ulgamyndaky bilelikdäki işler dogrusynda hem gürrüň edildi.

Taraplar täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ugurdaş edaralaryň arasynda tejribeleriň alyşylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bilim ulgamyndaky özaragatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryna seredildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň wekilleriň özleriniň gatnaşmaklarynda geçirilmegine ynam bildirildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň jemleri boýunça Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.